- parlak
- 1) Edebiýat termini Ýalpyldap nuruny saçýan, ýagty yşyk berýän.∙ Emma ýeňiş ylhamyna joşan gyz, parlak günüň dogjagyna ynanýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)∙ Parlak Gün şuglasy- da bu gyzyň asly görküne görk goşýan ýalydy. (A. Gowşudow, Eserler)2) Parlap öwüsýän, öwşün atyp duran.∙ Beýik bagyň parlak güli, Güllere seýrana geldi. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Barbaryň Gyzy)∙ Giç doganna käte ökünýän ýaly, Parlak ýüzne perde çeken mysaly. Serediň siz onuň parlak gözüne, Şar gara saçlarna, güler ýüzüne. (N. Pomma, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem parlak - parlagy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.